Özgerişleriň ýoly bilen
Lebap welaýatynda Garaşsyzlyk ýyllarynda bolup geçen özgertmeleri göz öňüne getirmek üçin hyýalyňyzda guşuçar belentlige galyp, bu mekana gaýybana syýahat etmeli. Şonda, ilki bilen, Amyderýanyň üstünden gurlan iki sany demir ýol we üç sany awtomobil köprülerine, agyz suw arassalaýjy desgalara, häzirki wagtda bar bolan islendik howa gämilerini kabul edip bilýän iki sany Halkara howa menziline, halkara awtomenzile, «Lebap» sement zawodyna, kaliý dökünlerini öndürýän dag magdanlaryny baýlaşdyryjy topluma, beýleki senagat kärhanalaryna, elektrik stansiýalaryna, «Berkarar zaman» döwrebap obasyna, soňky ýyllarda gurlup ulanmaga berlen orta we sport mekdeplerine, şeýle hem hassahanalara, saglyk öýlerine, medeniýet öýlerine we ýene-ýenelere gözüňiz düşer. Soňky ýyllarda Seýdi, Türkmenabat şäherlerinde, Halaç etrabynda gurlan hem-de işe girizilen pamyk egriji fabrikler indi ençeme ýyl bäri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalary dürli ölçeglerdäki ýokary hilli ýüplükler bilen üpjün edip gelýär. Bu bolsa dükanlarda we bazarlarda: «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen alyjylaryň talaplaryny ödeýän egin-eşikleriň mukdarynyň barha artmagyny şertlendirdi. Bu kärhanalaryň önümleriniň bir böleginiň eksporta iberilýändigi we eýýäm bu harytlaryň hemişelik alyjylarynyň emele gelendigi bolsa ýüplükleriň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär.