Lebzine ygrarly bagtyýar ýaşlar
Ýaşlar şu günüň, geljegiň döredijileri hasaplanýar. Halkymyzda: «Nesilleriň gaýraty-il-günüň myrady» diýlen ajaýyp pähim bar. Ol halkymyzyň ýaş nesillerine bolan beýik ynamydyr. Berkarar döwletimizde hut şu, 2023-nji ýylynyň hem «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlary ýyly» diýip atlandyrylmagynyň özi-de gujur-gaýratly ýaşlarymyzyň dörediji güýjünden ylham alnandygynyň mynasyp subutnamasydyr. Her ýylyň özüne laýyk taryhy ähmiýetli wakasy, şanly senesi, ýatdan çykmajak pursatlary bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň başy hem göwünlerimizi galkyndyrjak çözgütleriň kabul edilen, il-günümiziň, ylaýta-da, ýaşlarymyzyň bähbidine amal edilen buýsançly wakalaryna beslendi. Ine, şolaryň biri hem 28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýydyr. Ýurdumyzyň ähli künjegindäki öňdebaryjy ýaşlaryny, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini özünde jemlän bu forum ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşinde edilýän ählitaraplaýyn aladanyň aýdyň beýanyna öwrüldi.