Bag­tyň keş­bi si­ňen şä­her

25 Mart 2023
180

Arkadag şäheri — bagtyň bahary. Arkadag şäheri — ömürleriň gaýmak deýin säheri. Bu şäheriň döredilmegi külli türkmeniň kalbyndaky arzuwlaryň amala aşmasy bolup dünýä ýaýyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän bu şähere bagtyň we barlygyň mekany diýilse juda ýerlikli bolar. Owadan binalara süňňüni örkläp barýan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagyna giňden taýýarlyk görülýän häzirki günlerde mährem Aşgabat baharyň gülkamat lybasyny egnine atdy. Şäher gurmak — ýalkanyşdan alamat, bina gurmak — sogap işden alamat. Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň depginli ösüşleriniň badyny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň asylly maksatlary bolsa bagta güwälik. Şonuň üçinem Arkadag şäheriniň at-owazasy il aşyp, menzil aşyp, giň jahana äşgär bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — döwletiň daýanjy» diýýän ganatly sözleri Ýaşlar guramasynyň işgärleri hökmünde bizi juda kän maksatlara ruhlandyrýar. Biz özümize bildirilýän beýik ynama joşgunly zähmet bilen jogap bermek ugrunda yhlas edýäris we häzirki günlerde döwlet syýasatynyň we milli binagärligimiziň möhüm bölegine öwrülen akylly şäher — Arkadag şäheriniň ähmiýetini we gurluşyk-binagärlik ulgamyndaky ornuny ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde gerimli işleri alyp barýarys. Galyberse-de, üstümizdäki ýylyň Arkadagly Serdarymyzyň asylly başlangyçlaryna esaslanylyp «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi, biziň öňümizde gaty uly jogapkärçiligi goýýar we ýaşlarda röwşen günlere bolan mizemez söýgini oýarýar. Keremli ýurdumyzda bagtyýarlyk bagtynyň şuglasy ýaşlaryň ykbalyndan sowa geçenok, gaýtam, olaryň täleýine hamyrmaýa deýin garylyp-gatylyp gidýär. Şonuň üçinem eziz ýaşlarymyzyň kalbynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza bolan ümmülmez söýgi we hormat joş urýar.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.