Hakyky guýma-gursak zehini bolan ynsan elmydama halky üçin döredýär, il üçin işleýär. Olaryň tebigy zehini, başarnygy ýürekden çykyp, ýürege ýetýär. Zähmet siňdirilip döredilen eser, ol aýdymmy ýa-da sungatyň beýleki ugurlaryna degişli bolan eserlermi, ony halkyň özi ykrar edýär. Diýmek, ýerine ýetiriji tarapyndan ýürege ýol salýan döredijilik ylhamy ýönekeý bolmaýar. Döredijilik inçe zat. Oňa ýiti zehiniň, söýgiň, yhlasyň bilen çemeleşen ýagdaýyňda, özüňi halkyň öňünde ykrar etdirip bolýar. Olam hemmelere başardyp duranok. Özüni tanadyp, ýyllarboýy döredijiligi bilen halkyň içinde ýaşaýan adamlara ussat diýilmegem ýöne ýerden däl. Ol sözüň aňyrsynda çuň many, giden zähmet ýatyr. Zähmet ýoly, onda-da ömrüni şoňa bagyşlan adam hakda gürrüň etmegiň özi hem buýsançly, hemem jogapkärli. Biz muňa halypa, Türkmenistanyň halk artisti, bagşy zenan Jemal Saparowanyň döredijilik hemem zähmet ýoluna ýüzlenenimizde-de göz ýetirdik. Jemal Saparowa diýlende hakyky türkmen zenanynyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Halypanyň her bir diňleýjä ýetirýän owazynda muhabbet bar, mähir bar.
Hakyky sungat adamsynyň gözleriniň nurunda-da şol uçguny görmek bolýar. Ýyllarboýy halk köpçüliginiň öňünde çykyş edip ýören bagşy her gezek sahna çykanda gözlerinde döreýän begenç, buýsanç duýgulary onuň hakyky sungat adamydygyny mese-mälim äşgär edýär.