Ze­hin zi­re­si

25 Mart 2023
218

Nowruz Güýjowy ildeşlerimiz ýakyndan tanaýandyr. Sebäbi ol milli teleýaýlymlarymyzyň iň gowy we zehinli alypbaryjylarynyň biri. Hususan-da, onuň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda alyp barýan «Bereketli Garagum» atly gepleşigi täsirliligi we döredijilikli çemeleşilýänligi bilen tapawutlanýar. Nowruz Güýjow döwlet derejesinde geçirilýän dabaraly hoşallyk maslahatlaryny, döredijilik duşuşyklaryny alyp barmakda hem işjeňlik görkezýär. Bu gujurly ýaş ýigit Arkadag Serdarly döwrümiziň öňdebaryjy, ukyp-başarnykly we heniz ýaşdygyna garamazdan, meşhurlyk gazanan ýaş zehinleriniň biri. Onuň döredijiligi hakynda bilmek hem okyjylarymyz üçin gyzykly bolar diýen umyt bilen, bu babatda durup geçmekligi müwessa hasapladyk.

Nowruz Güýjow 1995-nji ýylyň 1-nji martynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Çaşgyn geňeşliginde dogulýar. 2012-nji ýylda şol obadaky 32-nji orta mekdebi üstünlikli tamamlaýar. 2013 — 2015-nji ýyllarda Watan öňündäki gulluk borjuny birkemsiz berjaý edýär. 2015-nji ýylda Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünärine okuwa girýär hem-de ony 2020-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.