Dag ilin­den del ta­gam­lar («Di­ýa­ryň» dö­re­di­ji­lik to­pa­ry­nyň sy­ýa­ha­ty)

25 Mart 2023
167

Ogulsoltan daýza bilen tanyşlygymyz eýýäm ýolda başlanypdy. Körpe oglunyň gelni Ajaýyp gelneje ýaşuly zenan, onuň dür dökülýän elleri dogrusynda şeýle gyzykly gürrüňleri berýärdi weli, biz basymrak dag ýoluna düşmäge howlugýardyk. Ulagymyz kä dagyň gujagynda ýitirim bolup, käte belentligiň çür başyndan aşaklygyna uzalyp gidýän ýola düşýärdi. Hamala el bilen oturdylan ýaly, ýoluň iki gyrasyndaky düzüm-düzüm arça agaçlary, aňyrsyna gözýetmez mahmal meýdanyň çigildemdir gülälekleri dagyň ýaşyl ýapynjasyna görk berýärdi. Daş-töweregi synlap durşumyza ulagyň öň tarapynda oturan kärdeşimiz Dörtguly aganyň: «Bäý-bäh, bu gözellikler üçin şunça ýol söküp geleniňe degýär» diýen sözleri bir pursatlyk tebigata gönügen huşumy özüne getirdi. «Hawa, bu ýerler baryp ýatan gudratdyr» diýip, söze başlan Ogulsoltan daýzanyň gelni täzelikde ýoldaşynyň iş ýagdaýy sebäpli obadan uzaklaşyp, Gyzylarbat şäherine göçmeli bolandyklaryny aýtdy. Elbetde, derdiňe derman bu gözel mekandan daşlaşmak her kişä agyr degjekdi.
Ine-de, Magtymguly etrabynyň dag eteginde ýaýrap ýatan Hojagala obasy. Möwsüm bahar pasly bolansoň, gaýalaryň ýüzündäki jylgalaryň, gündogar tarapda gözýetimde ýazlyga çykan çopan goşunynyň, giň ekin meýdanlardaky erikdir ülje agaçlarynyň gül açan täsin görnüşi köňlüňi heýjana salýardy. Gözel tebigatyndan gaýry ýene bir bellemeli zat, bu myhmançyl ilde öýüniň deňinden geçip barýan çala tanşa-da, «Çaýlaşaly!» diýip mürähet edilýär. Wagtymyzyň çäklidigini göz öňünde tutup, biz ol çakylyklara seslenmän, diňe minnetdarlyk bildirip geçiberdik. Kän wagt geçmänem obanyň bir çetinde ýerleşýän Ogulsoltan daýzanyň öýüne gelip ýetdik. Biz Ogulsoltan daýza, eje diýäýýäs, aslynda obada uly-kiçi hemme oňa «Ogul eze» diýip ýüzlenýär eken. Munuňam sebäbi bar. Göwni açyk, kalby päk sada ynsan obanyň iň ýaşuly zenany bolup, segseni alkymlan-da bolsa, işiň erkegiňki-aýalyňky, uly-kiçiňki diýmez, ähli işde çulum eken. Biz muny soň, oba adamlarynyň dilinden eşidipdik.

...Çepiksije göwresi ýerden sähel saýlanýan, eli inçejik çybykly aýal giň howlynyň içinde bir zadyň aladasy bilen gümra bolup ýördi. Aýak seslerimizi eşitdimi, nämemi, ol haýal etmän işini goýup, biziň ýanymyza geldi. Kärdeşlerim bilen ýeke-ýekeden baş atyp, salamlaşan Ogulsoltan daýza maňa gezek ýetende ýitigini tapan ýaly, bagryna basypdy. Asyl, ol meni paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde okaýan agtygyna meňzeden ekeni. Ol barada gürrüňdeşligimiziň soňunda ýaňzydypdy. Adamlaryň biri-birlerine bolan gatnaşygy, ýakyn-u-daşlygyna görä üýtgese-de, ene mähri hiç bir ýerde asla üýtgemeýär. Merhum enem jany ýatladýan bu mähriban ynsan gojaman daglar kimin, kalbyma ýylylyk çaýypdy.

Ogul­nar GUR­BAN­MÄM­ME­DO­WA,
«Di­ýar».