Demokratik ýörelgelerde saýlawlar dowam etdirildi

26 Mart 2023
170

Demokratik özgertmeleri dabaralandyrýan ýokary guramaçylykly saýlaw çäresi ýurdumyz boýunça mynasyp dowam etdirildi. Paýtagtymyz Aşgabatda şeýle hem welaýatlarymyzda döredilen saýlaw uçastoklarynyň ählisinde bu çäräniň döwrebap derejede alnyp barylmagy üçin giň mümkinçilikler döredildi.

 Saýlawlar bäsleşik, açyklyk we aýanlyk esasda alnyp barlyp, raýatlarymyz sagat 19:00-a çenli dalaşgärleri saýlamaklyga ses berýärler. Anyk maglumatlara salgylananymyzda, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça öýlän sagat 15:00-a çenli saýlawçylaryň 74, 48%-i, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary boýunça 74,65%-i, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 74,17%-i ses berdiler. Günüň ikinji ýarymynda hem saýlawlar ýokary derejede alnyp barylýar.

«Diýar»