Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 5 – 6-njy ýanwary aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň birek-birege hormat goýmak we netijelilik esasyndaky duşuşygy giň halkara seslenmä eýe bolup, Hytaýyň abraýly teleýaýlymlarynyň, metbugat we elektron neşirleriniň täzelikleriniň esasy temasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň sapary günlerinde Hytaýyň «Ženmin Žibao» atly merkezi gazeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady» atly makalasyny çap etdi. Makalada nygtalyşy ýaly, şeýle abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň, köptaraply hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumyny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerini düýpli ara alyp maslahatlaşdylar hem-de özara düşünişmegi gazandylar.