Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak maksady bilen durmuşa geçirilýän beýik işler dünýä içre nusgalyk derejä eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz: «Ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler» diýmek bilen, il saglygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleri ýola goýýar. Täze taryhy döwrümiziň bedew badyna bat goşan bu ýörelge esasynda ýurdumyzda täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Döredilen oňyn şertlerden peýdalanyp, saglyk ulgamynda zähmet çekýän lukmanlar öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak arkaly bu döwletli tutumlara mynasyp goşant goşýarlar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň merkezi Daşoguz şäheriniň täze binalarynyň hataryndan orun alan 450 orunlyk köpugurly hassahana hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermeginde açylyp, ulanylmaga berildi. Bu bolsa Arkadagly Serdarymyzyň mähriban halkymyz barada edýän uly aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Iş orunlarynyň köp sanlysynyň döremegini üpjün eden täze hassahanada maslahat beriş, hirurgiýa, urologiýa, neýrotrawmatologiýa, iç keselleri, newrologiýa, kardiologiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa ýaly bölümleriň birnäçesi bolup, olar Germaniýa, Fransiýa, Ýaponiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Italiýa, Niderlandiýa ýaly dünýäniň ösen döwletlerinden getirilen iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynda innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy hem guwandyryjy wakadyr. Desganyň ähli ýatymlaýyn bölümleri bolsa merkezleşdirilen kislorod we nobatçy şepagat uýasyny çagyrmak ulgamy bilen üpjün edilen. Şeýle hem Germaniýanyň «Aerocom» kompaniýasynyň pnewmatik poçta ulgamy näsaglaryň barlaglarynyň netijelerini tiz wagtda lukmanlara ýetirmek maksady bilen, bölümleri özara baglanyşdyrýan tutuş ulgamy emele getirýär. Bölümleriň ählisinde ynsan saglygyny berkitmäge, dikeltmäge, bejermäge zerur şertler döredilen. Aýratyn nygtap geçilmeli zat bolsa, saglyk ulgamynda dünýäniň innowasion ösüşini alamatlandyrýan hirurgiýa amallary ýerine ýetirmekde ulanylýan lazer usuly otorinoloringologiýa bölüminde lukmanlar tarapyndan ulanylýar. Bu usul özüniň oňat netijeleri bilen halkymyzyň hoşallygyny gazanýar. Hassahananyň innowasion tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylmagy halkymyza ýokary derejede lukmançylyk hyzmatyny etmäge amatly şertleri döredýär. Şeýle-de hünärmeniň amatly işlemegine, näsaglara agyrysyz hem rahat ýagdaýda bejergi berilmegine, bejeriş işleri çalt geçirmäge, keselleri takyk anyklanyp, öz wagtynda, gijikdirmän bejermäge oňaýly şert döredýär. Ilatyň saglygyny goramaga has uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tutumly işleri mydama rowaç bolsun!