Türkmenistan – Emirlikler: hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

5 Dekabr 2022
428

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerinde depginli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine 21-22-nji noýabrda amala aşyran resmi sapary we ýokary derejedäki gepleşikleri döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açmaga gönükdirilendir.

Bilşimiz ýaly, saparyň dowamynda iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. BAE-niň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, Birleşen Arap Emirliklerinde Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasaty hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň giň ykrarnamasyna eýe bolan döredijilikli başlangyçlary dolulygyna goldanylýar. Iki dostana ýurt tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan, geografik taýdan amatly ýerleşen, depginli ösýän döwletler bolup, bularyň ählisi söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda bar bolan kuwwaty has netijeli peýdalanmakda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitete hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça döredilen işewürlik geňeşine möhüm orun berilýär.

«Diýar».
Beýleki habarlar