Gel dost, açyk gapy, asuda asman!
Joşar munda bagtly ömrüň mukamy.
Ýyllary ýylgyryp bagryna basýan,
Mähir-muhabbetli, seýran sapaly,
Türkmenistan — Bitaraplyk mekany!
Assa-assa buşlugynda pursadyň,
Söýgi bilen saza dolar gursagyň,
Şatlyga beslenýär sagyň hem soluň,
Dostlaryň dostuna ynam bekäni,
Türkmenistan — Bitaraplyk mekany!