Bir der­ýa­dan suw içen­ler

5 Dekabr 2022
181

Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga niýetlenen oňyn taryhy gadamlary goýdy. Ol, ilkinji nobatda, bitaraplygyň özüne mahsus bolan milli nusgasyny döretmegiň hötdesinden geldi. Eýsem-de, bütin Ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagyny gazanmak üçin, ilki bilen, ýurduň öz içinde agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmagyň, galyberse-de, iň ýakyn goňşy döwletler bilen ysnyşykly gatnaşykda bolmagyň derkar dälmi näme?! Hawa, Türkmenistan döwletimiz goňşuçylyk gatnaşyklarynda dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak hem hormat goýmak ýörelgelerine eýermek bilen, ýakynyny dosta, dostlaryny dogana öwürmegi başardy. Muňa wagt synagyndan geçen türkmen-özbek dostana gatnaşyklarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Heňňamyň çuňluklaryna aralaşsaň, türkmen bilen özbek halkynyň bir kökden suw içip, kemala gelen uly bir daragtyň şahalaryna çalymdaşdygyna göz ýetirýärsiň. Türkmenler bilen özbekler elmydama goňşy oturypdyr. Bir obada ýaşap, bir tamdyrda çörek bişirip, bir howadan dem alyp, bir derýadan suw içipdir. Ol biziň häzirki zamanamyzda-da hut şeýle. Siňe syn etseň, däpdir dessurynda, yrymdyr ynançlarynda, görüm-göreldesinde iki halkyň arasyndaky umumylyklar barmak basyp sanardan juda köpdür.

Aýnabat NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.