Ata ýurdum — dost-doganlyk mekany

5 Dekabr 2022
136

«Parahatlyk — ýürek baýdagy» diýen,
«Ýurdum — baky bahar baýramy» diýen,
Arkadagyň köňül aýdymy bilen,
Dünýä dolýan abadanlyk mukamy:
Türkmenistan — dost-doganlyk mekany!

Bir päkize niýet, bir ýagşy päl sen,
Bir tämiz ýörelge, bir kämil ýol sen,
Çar ýany dost-dogan, ýürekdeş il sen,
Ugruň dogry, maksatlaryň hudawy,
Ata ýurdum — dost-doganlyk mekany!

Kakamyrat REJEBOW.