Bi­ta­rap­lyk – pa­ra­hat­çy­ly­gyň da­ýan­jy

5 Dekabr 2022
209

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda durnukly ösüşi gazanmak maksady bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän daşary syýasy strategik ugry, parahatçylygyň meselelerini dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda diplomatik ýollar arkaly çözmäge gönükdirilendir.

Taryha giren 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň resmi taýdan ykrar edilen günüdir. Mundan laýyk 27 ýyl öň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Dünýä bileleşigi hormatly Prezidentimiziň parahatçylygy gorap saklamak, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky işlerini nazara alyp, bu Rezolýusiýany 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek kabul etdi. Bu guramanyň 2017-nji ýylyň fewral aýynda kabul eden ýörite Kararnamasy bilen her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. Bu taryhy çözgütler Milletler Bileleşiginiň Garaşsyz Türkmenistanyň tagallalaryna berýän ýokary bahasydyr.

Merjen KLYÇEWA,
«Diýar».