Te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň nus­ga­sy

5 Dekabr 2022
184

Arkadagly Serdarymyzyň paýhasly nazaryndan bina bolan sil suwlaryny sowujy desganyň gurlup ulanylmaga berlendigi baradaky habar gadymy oguz ýurdunyň bagta dahylly her bir raýatynyň kalbynda çäksiz buýsanç we kanagatlanma duýgusyny döretdi. Paýtagtymyzyň günorta böleginde peýda bolan bu deňi-taýy bolmadyk sil suwlaryny sowujy desga hormatly Prezidentimiziň tebigy betbagtçylyklardan we paslyň aýratynlyklary zerarly ýüze çykyp biljek ýagdaýlardan ilaty we ýer parçalaryny, dürli maksatly desgalary goramak bilen bagly çynlakaý aladalarynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi tarapyndan gurlan bu suw desgalar toplumy halkara güwänamalarynyň birnäçesine eýe boldy. Ine, ol halkara güwänamalar: «Seleweýa assosiasiýa» sebitara jemgyýetçilik guramasynyň toplumyň özboluşly gurluşyk taslamasy esasynda durmuşa ornaşdyrylandygy baradaky güwänamasy, A.Kostýakow adyndaky Gidrotehnika we meliorasiýa baradaky bütinrussiýa gözleg institutynyň toplumyň çäkleriniň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän gurluşyk desgasynyň daşky gurşawa howpsuzdygy baradaky güwänamasy, «Sigmacert» halkara resminamalaşdyryş Bilim we barlag hyzmatlar kompaniýasynyň toplumyň gurluşygynyň Standartlaşdyrma boýunça halkara guramasynyň ISO 9001:2015 Hil dolandyryş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky güwänamasy. Bu resminamalar sil sowujy desganyň taslamasynyň dünýäniň ösen binagärlik ulgamyna kybap gelýändigine şaýatlyk edýär.

Maýa ÝALKAPOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.