Ba­ha ul­ga­my­nyň kä­mil nus­ga­sy

4 Dekabr 2022
115

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam hakyndaky alada hiç wagt ünsden düşürilmeýär. Halkyň ýaşaýyş derejesiniň, hal-ýagdaýynyň gün-günden gowulanmagy bolsa onuň aýdyň mysalydyr. Esasy Kanunymyzda hem: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr» diýip bellenilýär. Hut şondan ugur alnyp, ýurdumyzda zähmetsöýer halkyň abadan ýaşamagyna, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegine gönükdirilen döwlet syýasaty alnyp barylýar. Şonuň netijesinde bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýän zamana öwrülýär.

Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi bilen durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ykdysady syýasat diňe bir ýurdumyzyň ykdysady, önümçilik kuwwatyny artdyrman, eýsem durnukly baha ulgamyny üpjün etmeklige hem mümkinçilik berýär. Baha ulgamynyň esasy şahalarynyň biri bolan baha kesmek işi hem Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmeklige özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Baha kesmek işi Esasy Kanunymyzda, «Baha kesmek işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, şeýle hem Türkmenistanyň baha kesmek işiniň çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar. Baha kesmek işi ýurdumyzda baha ulgamynyň kämil nusga eýe bolmagyna, ussat hünärmenleri ýetişdirmäge, olaryň başarjaňlygyny kämilleşdirmäge we jemgyýetde ykdysady ilerlemeleri höweslendirmäge kuwwatly itergi berýär. Ýeri gelende bellesek, baha hojalygyň bazar mehanizmini dolandyrmagyň alamatlarynyň biri bolup, ykdysadyýetiň ösüşiniň kanunalaýyklygyny we haryt bazarynyň şertlerini şöhlelendirýär. Has takygy, baha ykdysady kategoriýa hökmünde her bir degişli kärhana üçin girdejiniň, peýdanyň we maliýe taýdan doly üpjünçiligiň göwrümini kesgitleýän möhüm görkeziji bolup çykyş edýär. Baha kesmek işi bolsa, bir zadyň (harydyň, hyzmatyň we ş.m.) bazar gymmadyny kesgitlemek boýunça garaşsyz ekspertleriň, baha kesijileriň hyzmatyny aňladýar. Baha kesmek işi milli ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna täsir etmek bilen, bu babatda işiň ýokary netijeli bolmagyny talap edýär.

Jennet ROZYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.