Gö­wün bu gün bag seý­li­ne ge­le­dir

28 Iýul 2022
276

Ynsan gören ýerlerini wagt geçdigi saýy ýene küýsärmiş. Beýik Biribaryň nazar salan topragyny her näçe taryp etseň, şonça-da az. Bu mekanyň şypa beriji howasy, dermanlyk ösümlikleri, ýokumly önümleri dogrusynda geçen sanlarymyzda giňişleýin beýan eden hem bolsak, entek aýtmaly zatlarymyz egsilerli däl.

Tyllaýy tomusda ene topraga siňdirilen irginsiz zähmetiň hasylyny toplamak işleri ýurdumyzyň çar künjeginde dowam edýär. Ýetişdirilen bol hasyl her bir maşgala ojagy üçin halal girdejidir. Bitginli baglaryň idegini ýetirýän, ýylboýy baglaryna yhlasyny sarp edýän bagbanlaryň maňlaý deri mele topraga siňendir. Dag etegine mäkäm ornaşan Magtymguly etrabynyň Daghojagala geňeşliginiň Gargyly obasy hem ýaşyl meýdanlary, mes topraklary bilen bellidir. Bu ýerde-de ilatyň girdejisiniň köp bölegi bagçylyga degişli.

Ogul­nar GUR­BAN­MÄM­ME­DO­WA,
«Di­ýar».