Durnalary dolandyran

28 Iýul 2022
330

Türkmen dutarynyň kirişlerinden, sazandanyň ezber kakuwyndan döreýän mukamy diňläniňde göz öňüňde aýdymsazyň goja bagbanlary Amangeldi Gönübek, Pürli Sary, Sahy Jepbar, Mylly Täçmyrat, Jepbar Hansähet, Girman bagşy, Nabat Nurmuhammedowa ýaly ägirtler mukaddes heýkel bolup janlanýar. Olaryň hersiniň ömür ýoly barada zehiniňi gaýgyrman, tutuş bir dessan ýazsaňam azdyr. Bagşysazandalaryň haýsy birini alsaň hem, onuň ussatlygynyň köki atababalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýar. Şeýlelikde, milli mirasymyzyň şu günki bagtyýar zamana apalanyp ýetip, ruhy baýlygymyza, gymmatlygymyza öwrülendigini duýmak bolýar.

Aýdymsaz muşdaklarynyň arasyndaky rowaýata öwrülen gürrüňe görä, onuň owazyna asmanda uçup barýan durnalar maýyl bolup, uzak menzilden yzlaryna dolanar eken. Eýsem, diňe ynsany däl, guşlaryda türkmen sährasyny ýaňlandyran mahmal sesine maýyl eden bagşy kimkä? «Oňa Girman bagşy diýerler» diýip, aýdymsazyň piri Aşyk Aýdyň pirden owaz geldi. Halkyň arasynda Girman bagşy adyny alan, öz şirin aýdymlary bilen lezzet beren Orazsähet Ýagşysähet oglunyň geçen menzillerini öwrenmek maksady bilen Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýaşaýan çowlugy Maksat Patyşagulyýewlere myhmançylyga bardym. Baran ýerimde ilki gözüme ilen zat hem Maksadyň ogly Isanyň eline dutaryny alyp, garry atasy Girman bagşynyň öz döwründe aýdan «Ýaşylbaş» diýen aýdymyny aýdyp oturany boldy. Kä pessaý, kä belende galýan hoş owaz ata kesbiniň dowamat dowamdygyndan habar berýärdi. Zehinli bagşynyň Girman adynyň döreýşi barada çowlugy şeýle gürrüň berýär:

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.