Diňläň, aýdym-saz bu gün!

24 Iýun 2022
658

Häzirki döwürde döwletli Diýarymyzyň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmak bilen bagly jemgyýetçilik ähmiýetli işler mynasyp dowam etdirilýär. Şu nukdaýnazardan medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň ylham dünýäsini baýlaşdyrýan, täze kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýan, her ýylyň iýun aýynyň soňky hepdesinde bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni özboluşly bir sungat baýramydyr. Her ýylda Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler bolsa medeniýet edaralarynyň alyp barýan işlerini kämilleşdirmekde, sungat ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklarynda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Türkmeniň uludan belleýän özboluşly sungat baýramçylygy bu gezek Mary welaýatynyň çäklerinde dowam etdirilýär. Hepdeligiň dowamynda şu gün «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda «Taryhy-medeni ýadygärlikleri aýap saklamagyň täze ýörelgeleri we syýahatçylygy ösdürmegiň ugurlary» atly meýdan şertlerindäki seminary hem-de wideoaragatnaşyk arkaly halkara ylmy usuly duşuşygy geçirildi. Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolsa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe muzeý işi ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty hem-de ýurdumyzdaky öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmegiň tejribesini öwrenmek boýunça usulyýet okuwlary giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ogulnar GURBANMÄMMEDOWA,
«Diýar».