Hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri

1 Iýun 2022
419

12-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda çykyş edip, parlamentleriň içerki syýasy durnuklylygy pugtalandyrmakda, jemgyýetçilik ylalaşygyny we sazlaşygyny, durmuş adalatlylygyny berkarar etmekde, demokratik institutlary ösdürmekde hem-de berkitmekde ägirt uly ornuny nygtady. Soňra mejlisde çykyş eden Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Russiýanyň bu görnüşde hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajypdygyny belläp, bu meýdançany ulanmak arkaly bilelikdäki işleriň foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi üçin netijeli we peýdaly boljakdygyny nygtadylar. Dabaraly mejlis tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Parlamentara forumynyň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň Maslahatlar köşgüniň uly mejlisler zalynda sylaglamak dabarasy geçirildi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşi tarapyndan esaslandyrylan «Hormatly aksakgal» altyn ordeni bilen hem-de «Dede  Korkut» milli gaznasy we «Azerbaýjan dünýäsi» halkara žurnaly bilen bilelikde esaslandyrylan «Ulu türk» altyn ordeni hem-de «Ýer ýüzünde parahatçylygy üçin» milli baýrak bilen sylaglanyldy. Mundan başga-da, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli esaslandyrylan «МПА СНГ.30 лет» ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýasy Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni gowşuryldy.

«Diýar».