Aşgabat – parahatçylyk merkezi

31 Maý 2022
371

Bu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäde parahatçylygyň merkezi hökmünde giňden tanalýar. Ak mermerli paýtagtymyz halkara maslahatlaryň, forumlaryň, simpoziumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Häzirki wagtda merjen şäherimiz Aşgabatda yzygiderli esasda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň we edaralarynyň birnäçesi — BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy, Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirlik, BMG-niň Ilat gaznasy, Halkara migrasiýa guramasy we beýlekiler işleýär.

2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyzda açylmagyny bolsa aýratyn belläp geçmek gerek. Munuň özi BMG bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň taryhynda uly waka boldy hem-de sebitde parahatçylyk döredijilik başlangyçlarymyzyň ählumumy ykrarnamasyna öwrüldi. Bu merkez Milletler Bileleşiginiň sebitdäki öňdebaryjy ygtybarly wekilhanasy hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň bu ädimi ýurdumyzyň ylalaşdyryjylyk derejesini nobatdaky gezek tassyklamasydyr.

Ymamguly REJEPOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.