Mil­li döw­let­li­li­giň bin­ýa­dy

31 Maý 2022
352

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenýän baýramçylyklar milli senenamamyza zamanabap täze röwüş çaýyp, berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýar. Toýlary toýa ulaşýan Diýarymyzda giňden bellenilip geçilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň mysalynda hem bu hakykat aýdyň şöhlelenýär.

Ak şäherimiz Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň täsin binagärlik gurluşy bilen aýratyn tapawutlanyp, alyslardan seleňläp durşunda çuň many bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylyň 18-nji maýynda paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna bagyşlanyp gurlan bu desga biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň esaslarynyň mizemezliginiň we berkliginiň, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, eziz Watanymyza buýsanjyň, Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň, mertebesiniň pugtalanmagy we has-da belende göterilmegi ugrunda beýik işleri amala aşyrmaga merdana halkymyzyň hemişe taýýardygynyň özboluşly nyşanydyr. Bu desga halkymyzyň özygtyýarly döwlet baradaky köp asyrlyk arzuwynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýar» diýen sözleri bu hakykata bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Gültäç ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.