Ylymly - bilimli ýaşlar

31 Maý 2022
490

Il için­de şeý­le­räk bir aýt­gy bar: ça­ga­lyk­da hem ja­hyl­lyk­da alan bi­li­miň da­şa, gar­ry­lyk­da alan bi­li­miň su­wa ýa­zyl­ýar di­ýil­ýär. Ýaş­lyk ada­myň iň uly müm­kin­çi­li­gi­dir. Bu dö­wür­de her bir yn­san ylym-bi­lim ýo­lu­na düş­ýär, öz ru­hy dün­ýä­si­ni baý­laş­dyr­ýar, aňy­ny kä­mil­leş­dir­ýär. Ýaş­lyk­da al­nan her bir bi­lim, öw­re­ni­len amal bi­ziň mü­di­mi­lik ýa­dy­myz­da, en­di­gi­miz­de gal­ýar.

Ýaş­lar Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň — röw­şen gel­je­gi­mi­ziň ha­ty­ra­sy­na ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­re go­wy oka­mak, bi­lim al­mak we hü­när öw­ren­mek bi­len jo­gap ber­ýär­ler, Wa­ta­ny­my­zyň my­na­syp ogul-gyz­la­ry bol­ma­gy öz­le­ri­ne uly borç ha­sap­la­ýar­lar. Olar ýur­du­my­zyň gel­je­gi­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň ze­hin­li ýaş­la­ry Di­ýa­ry­myz­da giň ge­ri­me eýe bo­lan be­ýik ösüş­le­re go­şul­mak bi­len yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň tä­ze üs­tün­lik­le­re ro­waç­lan­ma­gy­na uly go­şant goş­ýar­lar.

Gur­ban­my­rat MU­HAM­ME­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň baş hü­när­me­ni.