Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi

22 Sentýabr 2023
565

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň tejribesi we geljegi» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň,  BMG-niň ýurdumyzda hereket edýän edaralarynyň ýolbaşçy düzümleri, şeýle-de döwletimiziň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Geçirilen halkara maslahatyna gatnaşyjylar institutyň baş binasynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergide Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynyň, pudaklarynyň gazanan üstünlikleri şöhlelendirildi.

«Diýar».