«Diýarda» diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

22 Sentýabr 2023
791

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Diýar» žurnalynyň redaksiýasynyň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Diýarda» Diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşigiň baş maksady ösüşlere beslenýän täze taryhy döwrümizi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly menzillerini, Diýarymyzyň täsin ýerlerini, çar künjünde ýerleşýän gadymy ýadygärliklerimiziň döreýiş aýratynlyklaryny giňden wasp etmekden, döredijilik adamlarynyň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr. Döredijiligiň dürli ugurlary boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň çar künjünden döredijilik işleriniň ençemesi hödürlendi. Eminler topary tarapyndan bäsleşige hödürlenen işleriň her biri seljerildi hem-de olaryň iň gowulary ýeňiji diýlip ykrar edildi. Şeýlelikde, üç sany baýrakly orun hem-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar kesgitlenildi.

«Diýar»