Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçdi

20 Sentýabr 2023
260

Şu gün paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi. Maslahaty açmak bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyz Dünýä türkmenleriniň maslahatyny ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýunyň dabaraly bellenýän günlerinde geçirmegiň däbe öwrülendigini aýratyn nygtady hem-de bu maslahatyň ägirt uly özgerişlikleriň amala aşyrylýan döwründe geçýändigine ähmiýet berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdarymyz Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. Soňra hasabat bilen çykyş etmek üçin Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary Rejep Bazarowa söz berildi. Ol öz çykyşynda birleşigiň bir ýylda alyp baran işleri bilen tanyşdyrdy hem-de dünýä türkmenleriniň ýurduň ykdysadyýetiniň pajarlap ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny aýtdy. Olar öz işlerinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryndan hem-de şol başlangyçlary üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alýandyklaryny belläp geçdi. Ýurtlaryň arasynda dost-doganlygy berkitmek ugrunda dünýä türkmenleriniň alyp barýan netijeli işleriniň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigi nygtaldy.

«Diýar».
Beýleki habarlar