«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

13 Sentýabr 2023
450

Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýagny, 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinden bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran ýaş dutarçy bagşy-sazandalar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ilki bilen, bäsleşige gatnaşyjylar «Çalsana, çalsana, çalsana bagşy!» atly edebi aýdymy bilelikde ýerine ýetirdiler.  

Leýli SAPARGELDIÝEWA,
«Diýar».