Arkadag şäherindäki bilim toplumynyň açylyş dabarasy

1 Sentýabr 2023
319

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäherinde täze bilim edaralarynyň birnäçesi açylyp ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, şeýle-de okuw-terbiýeçilik toplumy, ýöriteleşdirilen mekdepler we çagalar baglary açyldy.

Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde täze bilim edaralarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy bilim işgärlerine, talyplara, okuwçylara hem-de körpelere ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Jemal NURYÝEWA,
«Diýar».
Beýleki habarlar