Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bilim işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 5 müň orunlyk bolup, «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.