Hoş habaryň yzysüre

21 Awgust 2023
344

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda her bir amal edilýän beýik işlere bu günki gün işjeň gatnaşýarlar. Günsaýyn özgerýän durmuşymyzyň özenine göz ýetirýän, täzeçe pikirleri öňe sürýän ýaşlarymyza eziz Diýarymyzda kalbynda gaýnap joşýan ylhamlaryny ýüze çykarmaga giň ýol açylýar. Täze-täze üstünliklere, ýeňişlere eýe bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda bolsa ýaşlaryň ykbalyna täsir etjek, olara goldaw bermegiň anyk ugurlaryny kesgitlejek ähmiýetli taryhy pursatlar yzygiderli bolup dur. Ine, şolaryň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasyna kabul edilmegidir.

Şu gün paýtagtymyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasyna kabul edilmegi mynasybetli «Türkmenistan – ÝUNESKO: Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata paýtagtymyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinden wekiller, ýolbaşçylar, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekiller gatnaşyp, onda ÝUNESKO-nyň Ýaşlar başlangyçlaryny we başga-da şeýle taslamalaryň arasynda özara gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işleri alyp barýandygy hem-de ýurdumyzda halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek babatyndaky alnyp barylýan işleriň dünýä derejesinde ykrar edilýändigi barada giňden bellenildi. Dabaraly maslahat aýdym-sazly çykyşlar hem-de köpçülikleýin guralan sergi bilen utgaşdyryldy.

«Diýar».
Beýleki habarlar