Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Täjigistan Respublikasy Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinjileriň hatarynda ýurdumyzyň öňe sürýän ikitaraplaýyn, döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli esasda ösdürýär. Muny biz Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden Türkmenistan bilen Täjigistanyň gadymdan gelýän dostana gatnaşyklaryny, döwrüň talaplaryndan ugur alyp, ösdürýändiklerine aýdyň göz ýetirýäris.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Täjigistan 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekdi. Geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň içinde ýola goýlan deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de birek-birege ynanyşmak ýaly esas goýujy gatnaşyklaryň binýady barha berkeýär. Bu günki günde syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanmagy aýdylanlary doly tassyklaýar. Ylaýta-da, sebit we halkara meseleleri babatda iki döwletiň garaýyşlary doly gabat gelýär. Ýurtlar GDA-nyň tertipnamalaýyn we pudaklaýyn edaralarynyň çäklerinde, halkara guramalaryň ençemesinde Merkezi Aziýada howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça üstünlikli aragatnaşyk saklaýarlar.