Batly depginler bilen ösýän ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny üstünlikli dowam etdirmekde hormatly Prezidentimiz möhüm işleri alyp barýar. Türkmenistan döwletimiz goňşuçylyk gatnaşyklarynda dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak hem-de hormat goýmak ýörelgelerine eýermek bilen, ýakynyny dosta, dostlaryny dogana öwürmegi başardy. Muňa wagt synagyndan geçen türkmen-özbek dostana gatnaşyklarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Heňňamyň çuňluklaryna aralaşsaň, türkmen bilen özbek halkynyň bir kökden suw içip, kemala gelen uly bir daragtyň şahalaryna çalymdaşdygyna göz ýetirýärsiň. Türkmenler bilen özbekler elmydama goňşy oturypdyr. Bir obada ýaşap, bir tamdyrda çörek bişirip, bir howadan dem alyp, bir derýadan suw içipdir. Ol biziň häzirki zamanamyzda-da hut şeýle. Siňe syn etseň, däpdir dessurynda, yrymdyr ynançlarynda, görüm-göreldesinde iki halkyň arasyndaky umumylyklar barmak basyp sanardan juda kän.