Mukaddesligiň kökleri bir

3 Awgust 2023
290

 Türkmen, özbek we täjik halklarynyň taryhdan gelýän gündogar halklary hökmünde biri-birlerine meňzeş milli däp-dessurlary sanardan kändir. Birek-birege mahsus hoşniýetli medeni aýratynlyklar kökleriň birligini görkezýär. Medeniýetiň umumylaşan şekilindäki adatlar bolsa gadymylygyna garamazdan, bu güne çenli her millet tarapyndan ygrarly saklanyp gelinýär. Ine, şeýle mukaddeslikleriň biri-de saçak başynyň soltany, hatda owuntygy hem keramatly hasaplanylýan çörekdir.

Türkmen halky çöregi ynsanyň ýüzüne deňeýär. Şonuň üçin hem ene-mamalarymyz ony bişirenlerinde owadan bişirmäge çalyşýarlar. Gün nuruna lowurdap, tamdyrdan çykan çörekler ojagyň rysgal-bereketini aňladýar.

Mähriban GELENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar