Türk­me­nis­tan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary

3 Awgust 2023
253

Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Gündogaryň beýik akyldary hasaplanýan Magtymguly Pyragy özüniň dürdäne setirlerinde: «Mert ýigit mert ärden öner» diýip, tüýs ýerlikli belläp geçýär. Muny häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan üstünlikli döwlet syýasatynda aýdyň görmek bolýar.

4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy. Ýeri gelende bellesek, 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiz bu abraýly gurama agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň XX ýubileý mejlisine, 2022-nji ýylyň sentýabrynda bolsa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitine hem gatnaşyp, şol duşuşyklarda bu gurama agza döwletler bilen dürli ulgamlarda özara köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda anyk başlangyçlary öňe sürüpdi. Şeýle abraýly halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly ugurlaryň ileri tutulýandygyny aýdyň alamatlandyrýar.

«Di­ýar».
Beýleki habarlar