Türkmenistan häzirki wagtda döwrüň öňe sürýän iň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp düzmekde oňyn netije berýän düýpli başlangyçlar bilen çykyş edýär. Dünýä ýurtlarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksadynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň golaýda Saud Arabystany Patyşalygynda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşyp, ol ýerde möhüm başlangyçlar bilen çykyş etmegi aýdylanlary doly tassyklaýar. Ýokary derejede geçen bu duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeýle hem Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz bu sammitde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine girýän döwletleriň özara dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe teklipleri öňe sürdi. Olar: