Remezan Joraýewiň «Nesil terbiýesi — miras edep çeşmesi» öý muzeýi

2 Iýun 2023
224

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym-bilime, medeniýete, kitaphanaçylyk we muzeý işlerine uly üns berilýär, Diýarymyzda bu ulgamda birnäçe döwlet ähmiýetli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şolaryň hatarynda, düýn ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününde Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýjysy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Remezan Joraýewiň öý muzeýiniň açylmagy-da, aýratyn bellenilmeli nusgalyk işleriň biri hasaplanylýar.

Belli alym Remezan Joraýew 1935-nji ýylyň 5-nji maýynda, Garabekewül etrabynyň Aşgaly obasynda dünýä inip, ýönekeý oba oglanlygyndan bilim we ylym ýoluny geçýär. Halypa alym lukmanyň hem-de egindeşleriniň, kärdeşleriniň geçen çylşyrymly hem nusga alarlyk ömür we döredijilik ýoluny yzarlamaga Remezan aganyň köpýyllyk zähmetiň netijesinde döredilen öý muzeýi giň mümkinçilik berýär. Öý muzeýi ylym-bilim, durmuşy we terbiýeçilik mazmunly birnäçe bölümlerden ybarat bolup, olarda ýerleşdirilen kitaplar, taryhy şahsyýetlerimiziň türkmen ylmynyň düýbüni tutujy professor-alymlarymyzyň suratlary, ýatlamalary hem-de türkmen halkynyň taryhyny, milli intellegensiýamyzyň geçen ýoluny belli bir derejede şöhlelendirýän portretler muzeýiň aýratyn bölümidir. Şeýle-de, Remezan aganyň 20 ýylyň dowamyndaky çeken irginsiz zähmeti we çäksiz aladalary netijesinde döredilen “Çarhypelek”, “Nesilnama” atly ylmy-publisistik eserleri hem-de “Edep çeşmesi – öý muzeýi”, “Perzent ykbaly”, “Kämil perzent terbiýesi”, “Çaga terbiýesiniň ylmy-amaly esaslary we şanly geljegi” ýaly çaga we nesil terbiýesi baradaky kitaplary çagany dogry terbiýelemek, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek bilen baglanyşykly kitaplary muzeýde ýerleşdirilipdir. Bu bolsa ýaş nesli Watana, hormatly Prezidentimize wepalylyk ruhunda terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir.

Tawus Akjaýewa,
“Diýar”.
Beýleki habarlar