Biziň Watanymyz dünýäde halkara gatnaşyklary babatda hoşniýetli hyzmatdaşlyklara, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýänligi bilen giňden tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň daşary syýasatynda alyp barýan oňyn başlangyçlary aýdyň subut edýär. Türkmenistanyň daşary diplomatiýasynda türkmen-britan gatnaşyklaryna möhüm ornuň degişli bolmagy-da ýokarky pikirleri aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 5-6-njy maýynda iş saparynyň çäginde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä täç geýdiriliş dabarasyna gatnaşmagy hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň ýanwar aýynda ýola goýuldy. Geçen 31 ýylyň içinde Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň maşgala agzalarynyň, bu ýurduň ýokary wezipeli adamlarynyň Türkmenistana amala aşyran saparlary britan tarapynyň ýurdumyzy hoşniýetli hyzmatdaş hasaplaýandygyna güwä geçýär. Muňa mysal hökmünde Uelsiň Şazadasy Çarlzyň 1996-njy ýylda ýurdumyzda resmi saparda bolandygyny, Ýork Gersogy Şazada Endrýunyň 2013-nji ýylda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlyk: mümkinçilikler, ýetilen sepgitler, ileri tutulýan ugurlar» atly halkara maslahata we sergä gatnaşandygyny, Beýik Britaniýanyň DIM-niň döwlet ministri Tobias Elwudyň, ýurduň Premýer-ministriniň söwda boýunça wekili, parlamentiň deputaty Çarlz Hendriniň, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolsonyň, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň başlygy Ronald Neşanyň dürli ýyllarda Türkmenistana sapar bilen gelendiklerini görkezmek bolar. Bu saparlar Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýadyň goýlandygyndan habar berýär.