Türk­men-Ame­ri­kan gat­na­şyk­la­ry tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­ýar

29 Maý 2023
186

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary barha ösdürýär. Munuň şeýledigine Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Maý aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy toplumlaýyn we aýry-aýry ugurlarda ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklar Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi ýola goýulýar. 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen Türkmenistan — ABŞ gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe bolup, dostlukly gatnaşyklaryň täze depgin bilen öňe ilerlemeginde geçiren duşuşyklary binýatlyk esas bolup hyzmat etdi.

«Diýar».
Beýleki habarlar