Türk­me­nis­tan — Ger­ma­ni­ýa: gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si

29 Maý 2023
204

Türkmenistan döwletimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä ýurtlary bilen üstünlikli gatnaşyklary alyp barýar. Bu gatnaşyklaryň özeninde birek-birege hormat goýmak, köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk giň gerimde ösdürilýär. 2023-nji ýylyň 25-28-nji aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň dowamynda dürli ugurlara degişli geçirilen gepleşikler özara bähbitli gatnaşyklary kämilleşdirmäge ýardam berer.

Gahryman Arkadagymyz: «gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi» diýip belleýär. Hakykatdan hem, Türkmenistan bu günki gün sözüň doly manysynda parlak ýyldyza öwrülip, özüniň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny dünýä ýüzüne şöhle kimin ýaýýar. Aýratyn bellemeli zat hem, ýurdumyz dünýä ýüzünde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Türkmen wekiliýetiniň Germaniýa aşyran iş sapary hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklady.

Aýnabat NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar