Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy hakynda şeýle belleýär: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, müdimi mukaddesliklerimiz bolan Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň, Döwlet baýdagymyzyň we Esasy Kanunymyzyň hormatyna gurlan ajaýyp binalar, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän bu mukaddesliklerimiz mynasybetli giňden we dabaraly bellenilip geçilýän milli baýramlar biziň watansöýüjiligimiz bilen berk baglydyr».
Halkymyzyň mertebeläp, mukaddeslik derejesine göterýän zatlarynyň biri-de ýurduň, milletiň barlygynyň synmaz nyşany bolan Döwlet baýdagymyzdyr. Baýdak ýurduň, halkyň ykrarlylyk nyşanydyr. Şonuň üçin baýdaga hemişe il-gün belent ýeňişlere, üstünliklere ruhlandyryjy güýç hökmünde garapdyr. Ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň we milli bitewiligimiziň ykrarnamasy bolan Döwlet baýdagymyzy agzybir halkymyz çäksiz sarpalaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwrebap binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Şol döwrebap binalaryň, ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryň depesinde bolsa ýaşyl Baýdagymyz erkin parlaýar. Her gezek Baýdagymyza nazaryň düşende, kalbyňy Watan hakdaky mukaddeslik düşünjeleri gurşap alýar.