Döwrebap bank hyzmatlary

29 Maý 2023
171

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär. Bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ýurduň pul aýlanyşygyny kämilleşdirmek we nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen täzeçil çözgütler durmuşa ornaşdyrylýar. Olaryň arasynda milli kartly töleg ulgamy boýunça elektron tölegleri geçirmekligi ýola goýmak aýratyn orny eýeleýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurduň pul-karz ulgamyny kämilleşdirmäge, nagt däl hasaplaşygy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, hasaplaşyk dolanyşygyny tizleşdirmäge, ýagny töleg iberijiniň bankyndan tölegi kabul edijiniň bankyna geçirmek üçin sarp edilýän wagty gysgaltmaga amatly şertleri döredýär.

Şanur JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daýhanbank DTB-niň Daşoguz welaýat Ruhubelent etrap şahamçasynyň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar