Sport ulgamynda guwandyryjy üstünlikler

29 Maý 2023
195

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda bedenterbiýäniň we köpçülikleýin sportuň aýratyn üns merkezinde saklanylmagy bu ulgamyň ilatyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Şeýle-de, bu Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet hökmünde terbiýeläp ýetişdirmegiň, zyýanly endikleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň ygtybarly usuly hökmünde öňe sürülmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň saglygy barada döwlet derejesinde netijeli işler alnyp barylýar.

Amangeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň kiberhowpsuzlyk we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar