"Milli goşun" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi
Salgysy: Galkynyş (1995) köç, 4
Telefon belgileri: 40-59-67, 40-59-68
Sayt: www.milligosun.gov.tm

Makalalar

Uzakdan uzaýan güýçler

Batareýa söweşjeň ýagdaýda taýýar dur. Aňtaw-razwedkaçy garşydaş boýunça maglumaty aýan etdi. Serkerde aragatnaşyga çykyp, degişli söweşijilere buýruk berýär: – «Çeşme» dur! Nyşan – 201. Pyýada goşunyň tanky. Oky. Top ýaryjysy. Prisel. Burçy. Zalp bilen OT AÇ!!!

Erkeklik mukamy (hekaýa)

Ol indi öz öýündedi. Geçen menzillerinden, başaran işlerinden lezzet alýardy. Ol wenger syýahatçysy, etnograf, türkşynas, gündogarşynas hökmünde eýýäm meşhur bolupdy. Ol wengerler üçin Arminiý Wamberi bolsa-da, gündogara derwüş sypatynda syýahat eden döwri Raşid Efendidi.

Dünýä nusgalyk ýol goýanlar

Ata-babalarymyzyň harby-syýasy ýörelgeleri we kuwwatly harby syýasaty diňe bir öz ýurdunyň däl, eýsem, tutuş sebitiň parahat durmuşynyň üpjün edilmegini şertlendiripdir. Şu nukdaýnazardan, türkmen döwletleriniň içki agzybirligi saklamak we bir lideriň daşynda jebisligi berkitmek ýörelgesi ýurt howpsuzlygyny üpjün etmekde  binýatlyk ähmiýete eýe bolupdyr. Onuň şeýledigine öz döwrüniň geosyýasy ýagdaýyndan ussatlyk bilen baş çykaran seljuk soltanlarynyň daşary syýasatynyň aýratyn ugurlaryny seljereniňde, olaryň ählisini jemläp, umumylykda baha bereniňde göz ýetirmek bolýar.

Uly arzuwly gyzlar

Harby gullukçylar» diýlip Watany jandan söýýän, gerek bolsa ony şirin janyndan eý görýänlere aýdylýar. Şol sebäpli Watany goraýana «Watan goragçysy» diýilýär. Watan goragçylary diýen düşünje hakydaňda döşleri meýdanly, babyr bilek, ýumruklary küdüň ýaly ýigitleriň heýkelini häzir edýär. Watan goragy, hakykatdan hem, mert ýigitlere mahsus. Ýöne hakykat ikuçsuz. Geçmiş – güwälik. Batyrgaý zenanlarymyzyň hem merdana gerçeklerimiz deýin Watan goragynda durandygyna taryh şaýat.