"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Ku­raş. XIV dün­ýä çem­pio­na­ty

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­ly­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­mak, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak, ösüp gel­ýän ýaş nes­li sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek, şeý­le hem ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­mek mak­sa­dy bi­len paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­ýän Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Bu hal­ka­ra ýa­ryş Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ge­çi­ril­ýär. Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­her­çe­si ýur­du­myz­da öz­bo­luş­ly iri sport top­lum­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, 30-dan gow­rak dür­li des­ga­la­ry öz içi­ne al­ýar. 5000 to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­my ba­şa-baş gö­reş spor­tu­nyň köp gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Hoş habar

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň ÝU­NES­KO-nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň (CIGEPS) ag­za­ly­gy­na saý­lan­ma­gy ha­kyn­da hoş ha­ba­ry eşi­de­ni­miz­de, kal­by­my­zy gur­şap alan buý­sanç duý­gu­la­ry bi­len bir­lik­de, bu be­lent ab­raý­ly de­re­jä my­na­syp bol­ma­ga ite­ren ýur­du­my­zyň sport ba­bat­da aja­ýyp ösüş­le­ri göz öňü­miz­de jan­lan­ýar.

Türkmenistan — ÝUNESKO

Buý­san­ja beslenen ýürek sesleri

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Ýur­du­myz­da ba­dal­ga ber­len Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň 2023 — 2027-nji ýyl­lar üçin Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO-nyň) Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň dü­zü­mi­ne saý­la­nan­dy­gy ba­ra­da hoş ha­ba­ryň ge­lip go­wuş­ma­gy äh­li il­deş­le­ri­mi­ziň buý­sanç­ly baş­la­ry­ny gö­ge ýe­tir­di. Ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da zäh­met çek­ýän il­deş­le­ri­miz bu şat­lyk­ly ha­ba­ra il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da ses­le­nip, öz­le­ri­niň ýü­rek joş­gun­la­ry­ny mä­lim ed­ýär­ler.

Teswirleýji talyplar

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Olim­pi­ýa şä­herçesiniň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty do­wam ed­ýär. Şol çem­pio­na­ty bol­sa ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry tes­wir­le­ýär­ler. Mu­nuň özi ola­ryň na­za­ry­ýet­de öw­re­nen­le­ri­ni tej­ri­be­lik­de ber­kit­mä­ge oňat müm­kin­çi­lik bo­lup, ýaş tes­wir­leý­ji­le­riň kä­mil­leş­me­gi­ne ge­tir­ýär. Bu ba­ra­da «www.turk­me­nis­ta­nin­fo.gov.tm« saý­ty ha­bar ber­ýär.

Aja­ýyp sport baý­ram­çy­ly­gy

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» diý­lip yg­lan edi­len 2023-nji ýy­lyň 23 — 28-nji no­ýab­ry ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Çem­pio­na­ta ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de taý­ýar­lyk­ly ge­lin­di. Bu şan­ly wa­ka paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ýaý­baň­lan­ýar. Şu gün we er­tir bu ýer­de esa­sy çä­re bo­lan päl­wan­la­ryň tut­lu­şyk­la­ry ge­çi­ri­ler.

Dün­ýä­dä­ki «akyl­ly» şä­her­ler

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­de 140-dan gow­rak «akyl­ly» şä­her ha­sa­ba al­nan­dyr. «Akyl­ly» şä­he­riň esa­sy hä­si­ýet­le­ri hök­mün­de aras­sa­çy­ly­gyny, tyg­şyt­ly­ly­gyny, hyz­mat­la­ryň san­ly ul­gam ar­ka­ly el­ýe­ter­li­li­gi­ni we des­sin­li­gi­ni öňe sür­ýär­ler. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne göz ýe­tir­mek üçin «akyl­ly» şä­her­le­riň bir­nä­çe­si­ne ün­si çek­ýä­ris.

Dün­ýä nus­ga­lyk şä­her

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Ýur­du­myz­da zäh­met­sö­ýer, mer­da­na, ag­zy­bir türk­men hal­ky­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy, asu­da Di­ýa­ry­myz­da ne­sil­le­ri­mi­ziň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň he­mi­şe da­ba­ra­lan­ma­gy, äh­li ugur­lar­da ynam­ly ös­ýän ab­raý­ly döw­let­le­riň bi­ri hök­mün­de dün­ýä­de do­ly yk­rar edil­me­gi üçin bi­möç­ber ta­gal­la­lar edil­ýär.

Aş­ga­bat ÝU­NES­KO-nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ru­na gi­ri­zil­di

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Ýa­kyn­da türk­men hal­ky ýe­ne-de bir aja­ýyp wa­ka­nyň şa­ýa­dy bol­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň mer­ke­zi eda­ra­syn­dan hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. Şä­her­le­riň bü­tin­dün­ýä gü­nün­de paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­ri­niň «Di­zaýn» ug­ry bo­ýun­ça ÝU­NES­KO-nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ru­na gi­ri­zil­ýän­di­gi ba­bat­da ÝU­NES­KO-nyň Baş di­rek­to­ry­nyň çöz­gü­di yg­lan edil­di.

Sport we bedenterbiýe

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Gö­rog­ly et­ra­by­nyň 3-nji sport mek­de­bin­de ça­ga­la­ryň we ýet­gin­jek og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da kýo­ku­şin­kaý ka­ra­te bo­ýun­ça 3-nji sport mek­de­biň açyk bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Oňa Da­şo­guz şä­he­ri­niň 3-nji sport mek­de­bi­niň tür­gen­le­ri we Gö­rog­ly et­ra­by­nyň 1-nji, 2-nji we 3-nji sport mek­dep­le­ri­niň tür­gen­le­ri gat­naş­dy­lar. Ýa­ryş gu­ra­ma­çy­lyk­ly do­wam edip, oňa ýaş tür­gen­le­riň ene-ata­la­ry we sport­sö­ýü­ji­le­riň uly to­pa­ry to­ma­şa et­di­ler. Tür­gen­ler gar­şy­daş­la­ry bi­len üs­tün­li­kli bäs­le­şip, ýa­kym­ly täsir gal­dyr­dy­lar. Baý­gel­di Mu­hy­ýew, Ata­baý Hal­me­dow, Ka­ka­baý Gur­ba­now, Mak­sat Ba­za­row, Be­genç Gur­ban­gel­di­ýew, Ýa­kup Nu­ry­ýew ýa­ly ýaş tür­gen­ler ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si bo­ldu­lar. Ýe­ňi­ji­le­re Ju­ma­my­rat Baý­ly­ýew, Al­la­my­rat Kur­ba­now, Gül­se­re Maý­ly­ba­ýe­wa, Ogul­jan Tu­wa­ko­wa ýa­ly tä­lim­çi-mu­gal­lym­lar ha­ly­pa­lyk et­di­ler.

Aşgabatda dowam edýän kuraş baýramy dün­ýä ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat­da do­wam edip du­ran Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry de­re­je­de ma­kul­la­ma eýe bol­ýar. Mu­ňa dün­ýä­niň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, web sa­hy­pa­la­ry­nyň ha­bar­la­ry­ny okap tan­şa­nyň­da hem aý­dyň göz ýe­tir­mek bol­ýar.

Bedenterbiýe we sport — dostluk köprüsi

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Parahatçylygyň we dostlugyň mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sport ulgamyny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek hem-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden ugrukdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan işler bimöçberdir. Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hoşniýetli halkara gatnaşyklaryny sport arkaly ösdürmek ynsanperwer gatnaşyklarymyzyň esasyny düzýär.

Ruhy dünýämiziň gymmatlygy

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Türk­men spor­tu­nyň ga­dy­my kök­le­ri

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Hä­zir­ki dö­wür­de sport ýa­ryş­la­ry bü­tin dün­ýä bo­ýun­ça giň meş­hur­ly­ga eýedir. Sport ýa­ryş­la­ry ga­dy­my Rim­de dö­räp, olimp dag­la­ryn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar­dan göz­baş alýar di­ýen mag­lu­mat ýör­gün­li. Ýö­ne türk­men spor­ty hem öz göz­ba­şy­ny ju­da ga­dy­my dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. Mu­ňa «Oguz­na­ma­ny», «Gor­kut ata» şadessanyny my­sal ge­tir­mek bo­lar.

Go­lun­da eý­ýa­myň be­ýik iş­le­ri

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýo­ka­ry hü­när­li, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn, mak­sa­da ok­gun­ly, giň göz­ýe­tim­li, iň kä­mil in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra erk edip bil­ýän, döw­rüň tä­ze­lik­le­rin­den ha­bar­ly, äh­li ylym­lar­dan baş çy­ka­ryp bil­ýän ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­len­di. Öň­de goý­lan mak­sat­na­ma­lar esa­syn­da ýur­du­myz­da ýaş ra­ýat­la­ryň sag­dyn ös­me­gi hem-de ke­ma­la gel­me­gi, ola­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, dö­re­di­ji­lik­li iş­le­me­gi, alan bi­lim­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Şu ba­bat­da ýaş­la­ryň ara­syn­da dür­li ugur­la­ra gö­nük­di­ri­len bäs­le­şik­ler, ýa­ryş­lar, fo­rum­lar, mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.

Spor­tuň ýü­ze çy­kyş ta­ry­hyn­dan

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Sport — sag­lyk, hy­juw, ba­şar­nyk we gel­je­ge bo­lan ynam­ly ga­dam. Adam­zat dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len sport hä­zi­rki wagt­da dün­ýä ýü­zün­de meş­hur­ly­ga eýe­dir. Yn­san ýa­şan öm­rü­niň äh­li lez­ze­ti­ni, şat­ly­gy­ny, süý­jü­li­gi­ni, gü­nün­den hoş­nut­ly­gy­ny di­ňe sag­ly­gy bi­len duý­ýar. Aý­dy­ly­şy ýa­ly, sport sag­dyn­ly­gyň, ru­hy baý­ly­gyň gi­re­wi­dir.

Bir­meň­zeş ha­sap­lar

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­sy 2026-njy ýyl­da­ky dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da no­bat­da­ky tap­gy­ryň du­şu­şy­gy­ny ge­çir­di. Türk­men fut­bol­çy­la­ry 2023-nji ýy­lyň 21-nji no­ýab­ryn­da Gon­kon­gyň ýy­gyn­dy­sy bi­len du­şuş­dy­lar. Oý­nuň do­wa­myn­da il­deş­le­ri­miz iki ge­zek öňe saý­la­na­nam bol­sa­lar, meý­dan­ça eýe­le­ri er­jel­lik gör­ke­zip, ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy­lar.

Bel­lin­gem «Gol­den Boy» baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 «Re­al Mad­rid» to­pa­ry­nyň iň­lis fut­bol­çy­sy Jud Bel­lin­gem «Gol­den boy» baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Bel­lin­gem 21 ýaşa çen­li ýaş fut­bol­çy­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän hem-de Ita­li­ýa­nyň Tu­rin şä­he­ri­niň «Tut­tos­port» ga­ze­ti ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän «Gol­den boy» baý­ra­gy­ny eýe­le­me­gi ba­şar­dy.

Jo­ko­wiç Fe­de­re­riň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Ten­nis bo­ýun­ça Ita­li­ýa­nyň Tu­rin şä­he­rin­de er­kek­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len möw­sü­miň jem­leý­ji ýa­ry­şy bo­lan «ATP Fi­nals» ýa­ry­şyn­da 1-nji bel­gi­li No­wak Jo­ko­wiç çem­pi­on­lyk ga­zan­dy.

Madridiň «Re­al» to­pa­ry­ny kim tür­gen­leş­di­rer?

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Meş­hur fran­suz oýun­çy­sy we tä­lim­çi­si Zi­ne­din Zi­dan, tak­my­nan, iki ýa­rym ýyl bä­ri hiç bir to­pa­ra tä­lim­çi­lik et­me­di. Ýö­ne hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da «Mar­se­liň» tek­li­bi­ni ret eden Zi­dan üçin ýa­kyn­da geň-taň tä­ze­lik ýü­ze çyk­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň met­bu­ga­tyn­dan al­nan ha­bar­la­ra gö­rä, «Re­al» to­pa­ry hä­zir­ki tä­lim­çi­si Kar­lo An­çe­lot­ti bi­len şert­na­ma­sy­ny uzalt­man, öň­ki tä­lim­çi­si Zi­ne­din Zi­da­nyň gel­me­gi­ni me­ýil­leş­dir­ýär.