Sagdyn ýaşamak her kimiň özüne bagly
Durmuş ýörelgesi gündelik endikleriň jemi bolup, ol adamyň ýaşaýşy, özüni alyp barşy, işleýşi, iýmitlenişi, boş wagtyny geçirişi, maddy we ruhy talaplaryny kanagatlandyryşy bilen baglanyşykly kadalary öz içine alýar. Sagdyn durmuş ýörelgesi bolsa adamyň saglygyny goramaga, sagdyn ýaşamaga, keselleriň öňüni almaga ýardam edýän düzgünleriň toplumy bolup durýar. Bu düzgünlerden gyşarmalar adam bedenini zeperlendirip, dürli keselleriň, şol sanda howply çişleriň döremek töwekgelligini artdyrýar. Biziň gürrüňimiz howply çiş keselleriniň döremegine getirip bilýän nädogry we zyýanly endikler hakynda bolar. Howply çişler nähili döreýär?