"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@online.tm

Makalalar

Göwrelilik kadaly geçýärmi?

Göwrelilik döwründe progesteron gormonynyň mukdary enäniň bedeninde esasy orny eýeleýär. Bu gormon böwregiň işine hem täsir edýär. Göwreliligiň islendik aýynda peşew çykaryş ulgamy bilen bagly, ýagny böwrek keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygy ýokarlanýar. Ilkinji alamatlar ýüze çykanda lukmana ýüz tutmak zerurdyr, sebäbi bu patologiýa agyr gaýra üzülmelere getirýär. Göwrelilik döwründe böwrek keselleri, esasan, piýelonefrit aşakdaky sebäplerden döreýär:

Çaga semreýän bolsa…

Ene-atalaryň körpeleriň agramynyň artmagyna ünsli bolmagy möhümdir. Artyk agram birnäçe oňaýsyzlyklaryň we keselleriň ýüze çykmagyna getirip bilýär. Çaganyň sagdyn ösüp-ulalmagy üçin bedenterbiýe bilen meşgullanmagy hem-de kadaly we sagdyn iýmitlenmegi derwaýysdyr. Ene-atanyň borjy çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine we talabalaýyk iýmitlenmäge endik etmegini gazanmakdyr. Çaganyň agramynyň kadadan artykdygyny birbada kesgitlemek ýeňil däldir. Ýagny dürli ýaşda körpäniň beden ösüşi tapawutly bolup, onuň agramy üýtgäp durýar.

Saglygy goramagyň ygtybarly serişdesi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak döwlet syýasatynda ileri tutulýan wajyp ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda milli saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy uly ähmiýete eýedir.

Zenanlar we güller

Güller tebigatyň ajaýyp sowgatlarynyň biridir. Güller özüniň näzikligi we owadanlygy bilen her bir ynsana uly täsir edýär, her birimiziň göwnümizi göterýär. Mähriban zenanlaryň gözelliginiň güllere deňelmeginiň-de öz sebäpleri bar. Ony ýörite delillendirip, düşündirip durmagyň zerurlygy ýokdur. Ýöne geliň: «Zenanlar näme üçin gülleriň sowgat berilmegini halaýarlar?» diýen sowala jogap gözläliň. Psihologlar bu barada näme diýýärler?

Howasy tenekar gowaklar

Duzly karst gowaklarynyň özboluşly mikroklimatynyň bejeriş maksady bilen ulanylmagy «speleoterapiýa» diýlip atlandyrylýar. Ol howa bilen bejermegiň (klimatoterapiýa) bir görnüşidir. Gowaklaryň duz känleriniň mikroklimatynyň adam bedenine oňyn täsir edýän aýratynlyklary bardyr. Olaryň: — howasy arassadyr, düzüminde tozan, allergiki täsirli maddalar, zyýanly goşundylar, kesel dörediji mikroorganizmler, radioýygylykly elektromagnit meýdanlary ýokdur;

Agyr atletika — güýjüň syry

Agyr atletika — bu sportuň türgenleriň silkmek we iteklemek bilen agyrlyklary galdyrmak boýunça bäsleşýän görnüşidir. 1896-njy ýyldan başlap agyr atletika Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulýar. Häzirki döwürde agyr atletika — ştanga götermek bilen meşgullanmagyň saglyk üçin peýdaly taraplary barada-da köp gürrüň edilýär. Yzygiderli ştanga götermek bilen meşgullanmagyň netijesinde ýüregiň myşsalary berkeýär, nerw ulgamynyň işleýşi kadalaşýar, dem alyş ýeňilleşýär we gowulaşýar diýip, hünärmenler belleýärler. Daşary ýurtly hünärmenleriň habar beriş serişdelerinde bellemegine görä, agyr atletika bilen hepdede iki sapar meşgullanmagyň kortizolyň — stresiň ýüze çykmagyna täsir edýän gormonyň azalmagyna getirýär. Şeýle-de agyrlyklary götermegiň gandaky süýjüniň mukdaryny sazlaýandygy hakynda nygtap geçýärler. Bu insulini duýujylygyň artýandygy bilen düşündirilýär. Bedenini syratly, owadan görnüşe getirmek isleýänler üçin-de agyr atletikanyň peýdalydygyny ählimiz bilýäris. Elbet-de, agyr atletika bilen meşgullanmak isleýänleriň hökmany suratda tälimçiniň gözegçiliginde bolmalydygy möhümdir. Bu babatda, ata-babalarymyzyň: «Ekini suw bermän-de guradyp bolar, ekini suwy köp bermek bilen-de guradyp bolar» diýen paýhasly sözler

Çaganyň ösüşi kadalymy?

Alymlaryň köpüsiniň pikirine görä, çaganyň boýunyň ösüşine oňyn täsir edýän faktorlaryň birnäçesi bar. Çaganyň boýunyň kadaly ösüşine ýaramaz täsir edýän sebäpleriň biri-de, bedende haýsy-da bolsa bir ýetmezçiligiň, esasan-da, endo-krin mäzleriň, gurçuk keseli ýaly keselleriň ýüze çykmagydyr. Şol sebäpli ene-atalar, ilki bilen, lukmana ýüz tutup, çagany barlaglardan geçirmeli. Eger-de çagada haýsy-da bolsa bir keseliň bardygy ýüze çykarylsa, ony bejermegiň aladasyny etmeli.

Türkmenistan — sagdynlygyň ýurdy

Ýurdumyzda ynsan saglygyna uly zyýan ýetirýän endiklere garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar.  Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar we teklipler bilen çykyş edýär. Ýurdumyz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, oňa agza bolup durýan döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň gatnaşmagynda 2003-nji ýylda işlenilip düzülen «Temmäkä garşy göreşmegiň çarçuwaly konwensiýasyna» ilkinjileriň hatarynda goşuldy. Döwletimizde çilimkeşlige, neşekeşlige garşy göreşde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemlän sepgitlere ýetildi.

Milli miras – halkyň buýsanjy

Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklarymyza ýokary sarpa goýýandygy üçin halkymyzyň buýsanjy egsilmezdir. Ahalteke bedewlerimiz, türkmen alabaýlarymyz, dünýä nusgalyk halylarymyz, kämil saz senedimiz bolan goşa tarly dutarymyz, hakykatdan-da, halkyň gymmatly milli mirasydyr, genji-hazynasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylyň 23-nji fewralynda — milli senenama boýunça togsan dolup, bahar paslynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Däp bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy.

Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa

Şöhraty taryha ýaň salan, owazy äleme dolan ahalteke bedewlerimiziň waspy bagtyýarlykdan, söýgüden, şatlykdan doly mähriban Watanymyzda bu günki gün has-da belentde ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyz: «Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen bedewlerimiz we alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň we itleriň arasynda dünýäniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar» diýip, buýsanç bilen belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyz bolan behişdi bedewlerimiz we alabaýlarymyz bilen yzygiderli didarlaşyp durýar hem-de olar bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli gymmatlygyna çäksiz buýsanjynyň we belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda milli senenama boýunça togsan dolup, bahar paslynyň ilkinji gününde — 23-nji fewralda ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelmegi, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşmagy, täze dünýä inen alabaýa at dakyp bermegi hem-de edebi döredijilik bilen meşgullanmagy halkymyzyň her biriniň kalbynda belent buýsanç döredýär, milli mirasymyzy has-da döredijilikli wagyz etmäge ruhland

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

JAN WATANYM TÜRKMENISTAN! Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!Keremlidir ene toprak, keramatdyr mawy asman,Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!

Eziz Watan ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzda durmuşa geçirilýän we amala aşyrylýan düýpli özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatynda öz aýdyň hem-de anyk beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda her ýyla aýratyn şygar bilen at berilmegi halkymyzyň arasynda asylly däbe öwrüldi. Şol nukdaýnazardan hem, döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösüşiň möhüm tapgyrlaryna aýratyn üns bermegi hem-de her ýylyň halkymyz üçin has ähmiýetli wakalara beslenmegi giň mümkinçiliklere eýe bolýar. Halkymyzyň göwün isleginden çykýan her ýyly döwrebap atlandyrmak däbi bagtyýar raýatlarymyzda Watanymyza hem-de döwrümize buýsanjy, joşgunly we halal zähmete yhlasy artdyrýar.

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

ÝAŞASYN PARAHAT DURMUŞ!  Meniň sözüm — könäň sözi,Meniň sözüm — täzelik däl:Ýaraglaň sesi, sem boluň!Mukaddes zatlaň hakyna,Bütin dünýäniň hakyna,Saklanalyň, adamlar!

Täze neşirlerde taryhy wakalaryň beýany

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara derejesindäki maslahatlaryň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, döwletleriň we sebitleriň arasynda parahatçylygy ösdürmekdäki parasatly başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Şeýle beýik başlangyçlar milli Liderimiziň taryhy çykyşlarynda, il-ýurt hem-de umumadam-zat ähmiýetli beýik işlerinde öz aýdyň beýanyny tapýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda şeýle başlangyçlaryň, beýik işleriň many-mazmunyny beýan edýän täze neşirleriň elimize gowuşmagy bolsa, biziň her birimiz üçin guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň birine öwrüldi. Kitap – geçmişiňe, şu günüňe, geljegiňe düşünmegiň açarydyr hem-de durmuşyň we döwürleriň aýnasydyr. «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» hem-de «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu kitaplarda halkara abraýy barha belende galýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar, olaryň sebit we tutuş dünýä üçin ähmiýeti, Türkmenistanyň adam

Baş alada — halkyň saglygy

Hormatly Prezidentimiz adamlaryň saglygyny goramak baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň iň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny we döwletimiziň bu babatda ähli tagallalary edýändigini mydama nygtaýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýiti öýken sowuklamasyny dörediji ýokanjyň ýurdumyza aralaşmagyna we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen, möhüm çözgütler kabul edildi hem-de bu keseliň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan «Sputnik Laýt» sanjymynyň bellige alynmagy hem-de ýurdumyzyň çäklerinde ony ulanmak babatda degişli şahadatnamanyň berilmegi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramak babatynda alyp barýan syýasatynyň aýdyň netijesidir. Türkmenistan Russiýanyň «Sputnik V» hem-de «EpiWakKorona» sanjymynyň ulanylmagyny makullan ilkinji ýurtlaryň biridir.

Döwrebaplygyň hem-de kämilligiň nusgasy (Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara Kardiologiýa merkezi barada söhbet)

Hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde döwrebap ösdürilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara Kardiologiýa merkeziniň dünýäniň iň kämil innowasion enjamlary bilen üpjün edilmegi, bu ýerde yhlasly zähmet çekýän lukmanlaryň ýokary hünär derejelerine eýe bolmagy milli saglygy goraýyş ulgamynyň uly üstünliklere ýetendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkara Kardiologiýa merkeziniň agzybir işgärleriniň dünýäde iň ösen derejeli saglyk merkezleriniň birinde zähmet çekýändiklerine hem-de hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýürek-damar keselleriniň bejergisiniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmäge öz goşandyny goşýandyklaryna buýsançlary egsilmezdir.

Topbak şahlyjot

Häsiýeti. Dagetek derman ösümligi. Topbak şahlyjot — myhaklar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 5-20 sm birýyllyk otjumak wekili. Baldagy ýeke, göni ýa-da galyp duran, dik tüýjagazlar bilen örtülen. Aşaky ýapragy ýumurtga görnüşli ýa-da kepjeli, galanlary giň ýumurtga görnüşli, uzynlygy 10-15 sm, ini 7-10 mm, esasy gysylan, sapaksyz.

D witamini ýetmezçilik edende...

Rahit ösüp barýan bedeniň keselidir. Bu kesel barada maglumatlaryň Soran-Efesskiý, Galen, Ibn-Sina, Gippokrat ýaly gadymy alymdyr lukmanlaryň ýazgylarynda duş gelmegi, onuň gadymdan bäri ýygy duş gelýän keselleriň biridigini subut edýär. Rahit barada giňişleýin jikme-jik maglumat, ilkinji sapar, iňlis alymy F. Glisson tarapyndan 1650-nji ýylda beýan edilýär. Bu kesel D witaminiň ýetmezçiliginde döreýän kalsiý, fosfor çalşygynyň bozulmagy bilen baglylykda ýüze çykýar. D witamini çaga süňkleriniň berkemegine ýardam edýär. Bu keseliň zeperleýän esasy ulgamy süňk ulgamy hasaplanylsa-da, şol bir wagtyň özünde, ol dem alyş, ýürek-gan damar, nerw ulgamlarynyň işleýşine-de zyýanyny ýetirýär. Keseliň esasy ýetirýän zyýanlarynyň biri-de, çaganyň daş keşbini, syratyny bozýanlygydyr.

Sorag-jogap

Öýkeniň kadaly işi dikelýär «Lukmanlar gyzymyň keselini «ikitaraplaýyn öýken ehinokok kistasy» diýip anykladylar we hirurgiki bejeriş bellediler. Operasiýa şowly geçdi. Şeýle-de bolsa, men gyzymyň öýkeni düýpli zeperlendimikä öýdüp howatyrlanýaryn. Geljekde gyzymyň öýkeni kadaly işlärmikä?».

Haçan näme iýmeli?

Adam bedenini her bir pasylda bolup geçýän howa şertleriniň üýtgemelerine uýgunlaşdyrmak saglygy goramakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Muny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesiniň beýleki kadalary bilen bir hatarda iýmit düzgünlerini hem dogry berjaý etmeli. Sowuk gyş aýlarynda ýylylygy saklamak üçin beden köp mukdarda kaloriýa sarp edýär. Diýmek, ýokary kaloriýaly önümleri köp iýmeli. Gyşda Gün şöhlesiniň, witaminlere, makro-mikroelementlere baý ter gök önümleriňdir miweleriň ýeterlik derejede kabul edilmezligi sebäpli bedende bu peýdaly maddalaryň, aýratyn hem, kalsiý, fosfor elementleriniň, D witamininiň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Olaryň öwezini dolmak üçin gök önümlerdir ter gök otlara, miwelere, ir-iýmişe ürç etmeli.