Deňiz howasynyň saglyga peýdasy
Deňiz howasynyň peýdasy onuň düzüminde minerallaryň uly möçberiniň bolmagy bilen şertlenendir we bular suwda duz görnüşinde bolýar. Alymlar onda Mendeleýewiň tablisasynyň ähli elementlerini diýen ýaly ýüze çykardylar. Bugaran mahalynda, işjeň maddalaryň agramly bölegi howa aralaşyp, onuň ionlaşmagynyň derejesini ýokarlandyrýar. Adam bedeni üçin peýdaly duzlaryň arasynda brom, ýod, natriý, kaliý, magniniň we kalsiniň hloridleri ýaly birleşmeler bar. Bugaran mahalynda, deňiz howasy diňe bir peýdaly minerallar bilen däl-de, organiki birleşmeler arkaly hem baýlaşýar. Kislorodyň hem-de ozonyň köp mukdarda jemlenmegi deňiz howasynyň adam bedenine oňaýly täsir etmegini şertlendirýän bejeriji we has peýdaly häsiýeti hasaplanýar. Duzly howany özboluşly antiseptik hökmünde hasaplamak bolar, çünki onuň düzüminde kesel dörediji bakteriýalar we allergenler (meselem, tozan) bolmaýar. Işjeň elementleriň täsir etmegi netijesinde, çalyşma hadysalary güýçlenýär, eritrositleriň mukdary artýar we öz gezeginde, bu ýagdaý immunitete oňaýly täsirini ýetirýär. Deňiz howasyndan dem almagyň peýdasy