Haýyr-sahawat — ynsanperwerligiň nusgasy
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen hem bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy diýlip atlandyryldy. Şonda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky başlangyjy beýan etmek bilen, Gahryman Arkadagymyz: «Biziň haýyr işleri amala aşyrýandygymyzyň häzirki zamanyň ösüşe we parahatçylyga gönükdirilen şygary bilen umumy kökleri bardyr. Şunuň özi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň tutuş adamzat üçin ählumumy häsiýetleriniň bardygyny aýan edýär. Sebäbi olar adamlary ýagşy işleriň başyny tutmaga, iň gowy adamkärçilik däplerine eýermäge çagyrýar» diýip nygtady.