Önümiň peýdasy reňkine baglymy?
Gök we bakja önümleri, ir-iýmiş, miweler ynsan saglygynyň, gözelliginiň, juwanlygynyň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Sebäbi olarda adam bedeniniň öz funksiýasyny dogry ýerine ýetirmegini üpjün etmek üçin zerur gerek bolan witaminleriň, mineral duzlaryň, kletçatkalaryň we beýleki peýdaly maddalaryň köp mukdary saklanýar. Gök önümlerdir miweleriň düzümindäki antioksidantlar bedendäki tebigy hadysalaryň kadaly bolup geçmegini gazanmaga, garrylygy tesdirmäge ýardam edýär. A, С witaminleri, B witaminler toplumy, saharoza, fruktoza, pektinler, krahmal, organiki turşular, makro-mikroelementler immuniteti pugtalandyrýar, maddalaryň alyş-çalşyny işjeňleşdirýär, nerw ulgamynyň işini gowulandyrýar. Sarymsagyň, soganyň, sitrus miweleriniň düzüminde saklanýan fitonsidler kesel dörediji bakteriýalara garşy täsir edýär, sowuklamadan goraýar.