Buzda typmak
Buzda figuralaýyn typmak aýratyn sport görnüşi hökmünde 1860-njy ýyldan bäri bellidir. Bu sport görnüşiniň birnäçe ugurlary bar: ýekelikde, toparlaýyn sinhroniki typmak, sport tanslary, iki bolup figuralaýyn typmak. Buzda figuralaýyn typmak sportuň örän owadan görnüşidir. Sportuň bu görnüşi diňe bir türgenler üçin däl, eýsem, boş wagtlaryny netijeli geçirmäge ýykgyn edýänler üçin hem örän peýdalydyr. Hakykatdan-da, buzda figuralaýyn typmak işjeň dynç alşyň owadan bir görnüşidir. Psiholog lukmanlar durmuşyň dartgynly döwürlerinde, göwnüňe tukatlyk aralaşanda, ukynyň bozulmalarynda konkide typmagy maslahat berýärler. Owadan sazlary diňläp konkide typmak, beden hereketiniň sazlaşykly çeýeligini, owadanlygyny, kalbyň nuranalygyny gazanmaga kömek berýär.